Repertuarlar
Gelinleriñ gozgalañy
Komediýa oýun
Habarlar
Watan buýsanjy - Jelaletdin Soltan
Türkmenistanyň Halk ýazyjysy Gowşutgeldi Daňatarowyň «Soltan Jelaletdin — Watanyň buýsanjy» pýesasyna esaslanyp, Baş drama teatrynyň döredijilik topary tarapyndan döredilen taryhy drama, ýurt garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna özboluşly sowgady boldy. — Jelaletdin Meňburun mowzugyny saýlap almagymyň sebäbi, bu gahrymanyň dünýäden ötenine 800 ýyl geçenem bolsa, ruhunyň henizem aramyzda ýaşamagydyr — diýip, dramaturg belleýär. — Eseriň üstünde işlän wagtym, men bilgeşleýin Jelaletdin baradaky taryhy maglumatlara uýman, halk tarapyndan döredilen rowaýatlaryň birini esas edip aldym. Jelaletdin soltan Çingiz hana garşy durmagy başaran ýeke-täk harby serkerde hökmünde taryha girdi. Hut şu hakykaty-da režissýor Eziz Işangulýew spektaklyň girişi edip aldy: dergazap bolan ganymlar hiç hili päsgelçilige duçar bolmazdan, öňlerinden çykan şäherlerdir olaryň ilatyny syryp-süpürip alyp gidäýrler. Diňe gorky-ürküni bilmeýän, garadangaýtmaz Jelaletdin gylyjyny syryp, bu ýowa garşy söweşe çykýar. Bu özüne çekiji giriş tomaşaçyny mongol-tatar basybalyjylarynyň wagşylygyndan gan dökülen şol pajygaly ýyllara alyp gidýär. Birnäçe ýyl mundan ozal Jelaletdin adatyň garşysyna gidip, öz söýen gyzyna öýlenipdir, bu pursatdan peýdalanan Türkan hatyn Horezmiň şasy Muhammedi, bada-bat öz agtygyna garşy öjükdirýär. Hökümdarlygy söýýän, häsiýeti dikdüşdi garry ene, Jelaletdin Muhammediň mirasdüşer ogly bolsa-da, onuň tagta çykmagyna päsgel beripdir. Jelaletdin Meňburun çagalykdan söweş sungatynda uly ussatlyk görkezýär. Şonuň üçin Çingiz hanyň ýetip gelýän goşuny barada habar gelende, Horezm şa şalygy goramagy Jelaletdine ynanýär. Jelaletdin söweşde gaýduwsyzlygyň belent nusgasyny görkezýär. Çingiz han ilkinji gezek atly goşunyň zarbyna döz gelip, ony yza serpikdirmäge ukyply garşydaşa sezewar bolýar. Şeýle-de bolsa, Türkan Hatyn bilen göze gelmeýän agtygynyň arasyndaky gapma-garşylyk, Muhammet şanyň Horezm şalygyny goraýan Jelaletdini serkerdelikden boşatmagyna sebäp bolýar. Bu Muhammet şanyň iň uly ýalňyşydy. Eýsem-de bolsa, ol jan bermeziniň öňisyrasynda, Horezmiň şalyk titulyny Jelaletdine berýär. Wakalaryň şondan soň nähili ýaýbaňlanjakdygyny tomaşaçylar spektakly görenden soň bilerler. Biz bolsa, Muhammet şanyň türkmen aýalyndan doglan bu gahrymanyň jeň meýdanyndaky söweş hereketlerini synlan Çingiz hanyň aýdan sözlerini getireliň: «Eger Jalaletdin meniň dördünji oglum bolan bolsady, bütin dünýäni basyp alardym». Jelaletdiniň keşbini döretmek Begenç Garlyýewiň, Çingiz hanyň keşbini döretmek bolsa Türkmenistanyň at gazanan artisti Orazgeldi Durdiýewiň paýyna düşdi, Türkmenistanyň at gazanan artisti Amanbibi Abdyrahmanowa Türkan hatynyň keşbini üstünlikli ýerine ýetirdi. Türkmenistanyň at gazanan artisti Maksat Hydyrow Horezm şasy Muhammediň çylşyrymly keşbini döretdi. Jelaletdiniň wepadar aýalyny Dilşat Meläýewa sahnada janlandyrdy. XIII asyryň başyndaky Horezm, şol döwrde ýaşan ilatyň kaşaň lybaslary, taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylan halkymyzyň rowaýatlary, gahrymanyň başdan geçiren unudylmajak wakalary teatryň sahnasyndaky täsirleriň has ygtybarly bolmagyna goşant goşdy.
Sahna sungatynda adygan artist
Teatry ähmiýetli we gyzykly edýän režisýor. Režisýoryň döredijiliginiň baş maksady –tomaşaçylary tolgundyrýan, olary oýlandyrýan, durmuş akymyna kybap spektakl döretmek... Duňe şonda spektakl mili-estetiki ýörelgelere laýyk gelýän sungat eserine öwrülýär. Teatr tomaşaçy bilen režisýoryň döredijilik pikirine kybap dilde söhbet edýär, çeper tilsim näçe inçe boldugyça, ol şonça-da nepis görünýär. Türkmenistanyň halk artisti, SSSR-iň Döwlet baýragynyň eýesi, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi -täzelikçi režisýor, milli teatryň taryhynda şanly täze sahypa açan we sahna hekaýatyna kinematografik tilsim girizip, ony köpugurlylygy hem epiki çuňňurlygy bilen baýlaşdyran syňňy-şahsyýet Kakajan Aşyrowyň ýolbaşçylyk edýän Türkmenistanyň Baş drama teatrynyň her bir işi şunuň ýaly duýgylara baý çeper dilli çykýar... Aktýor bolmak üçin gowy bilim alanyň ýetik däl. Artisti sahna, synçylyk, öwrenmek, täzelikleri oýlap tapmak terbiýeleýär. Ýokary okuw mekdebini gutaryp bolar, ýöne teatra geleniňden soňam okamagy-öwrenmegi dowam etmeli, başarnyk-endigiňi sünnälemeli, ukybyňy ussatlyga öwürmeli we köpçülikleýin döredijilik akymyna sazlaşyp-utgaşyp gitmäge jan etmeli. Türkmenistanyň Baş drama teatrynyň esasy artisti Dilşat Meläýewa ýokarda aýdylanlara laýyk gelýänlerden. Dilşat döredijilik adamlarynyň maşgalasynda dünýä indi. Onuň kakasy – Annadurdy Annagylyjow Daşoguzyň Nurmuhammet Andalyp adyndkay döwlet sazly-drama teatrynda oýun goýujy režisýor bolup işledi. Ol gyzyny köplenç repetisiýalara we spektakllara ýany bilen äkiderdi. Dilşat käte köpçülikleýin sahnalarda hem çykyş ederdi. Ýöne kakasy Annadurdy Hapykowiç onuň öz ýoluny dowam ederine höwesek däldi. Ol ogly Serdar artist bolar öýdüp umyt edýärdi, ol çaga döwri bu ugurdan zehinlidi. Emma Serdar harby käri saýlap aldy. Doganyndan tapawutlylykda Dilşat öte utanjaňdy. Gyzynyň açylyp, deň-duşlaryna goşulyp-garylyp gitmegine ýardam etjek bolup, ejesi Jeren Annagylyjowa ony öz işleýän ýeri Çagalar we ýetginjekler köşgüne äkiderdi, ol bu ýerde drama gurnagyny alyp barýardy. Dilşat beýleki çagalar bilen spektakllara gatnaşýardy. 2007-nji ýylda Dilşat kakasynyň maslahaty bilen A.S. Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatrynyň ýanyndaky mekdep-studiýa okuwa girdi. Ol teatra muşdak we güýçli döredijilik ideýalara baý deň-duşlarynyň arasyna düşdi. Olaryň hyjuwy gyza-da täsirini ýetirid, okuwa başlandan iki hepdeden soň ol bu käre iteren kakasyna tükeniksiz minnetdar boldy. -Mekdep-studiýany tamamlanymdan soň men Türkmen döwlet medeniýet institutynyň aktýorlyk fakutetinde okuwymy dowam etdim. Meniň bagtym çüwüp, üç ýyllap sahna ussady, Türkmenistanyň halk artisti Ata Alowowdan tälim aldym, ol aradan çykýança teatra we okuwçylaryna wepaly bolup galdy. Ussat ýogalandan soň bize başga bir nesliň wekilleri –Urmatkan we Anna Meläýewler sapak berdiler. Olar «Gamleti» perfomans žanrynda diplom spektaly hökmünde goýdular. Onda maňa Gamletiň ejesi Gertrudanyň keşbini döretmek miýesser etdi... Bizi – medeniýet institutynyň talyplaryny – Baş drama teatryna köpçülikleýin sahnalarda oýnamaga çagyrýardylar. Repetisiýalara gatnaşanymda täze spektaklyň döreýiş syrlaryna haýran galyp syn ederdim, Kakajan Aşyrowyň zehini we awtorlyk garaýşy bilen janlandyrýan döredijilik jadysyna maýyl bolýardym. Onuň işlerinde boş gahrymanlar we detallar duş gelmeýär. Sahna bezeginiň her biri elementinde pikir duýulýar, sesler, hereketler, duýgylar... ýordumyň ýörelgesine kybap gelýär. Men: «Şeýel adamdan öwrenäýseň!» -diýip arzuw edýärdim. Belki, maňa ykbal gülüp bakýandyr, sebäbi instituty tamamlanymdan soň hut şu teatrda iki ýyllyk iş tejribesini geçmeli boldum. Teatryň işgärleri meni mähirli kabul etdiler, ýöne men ol wagt aýagy agyrdym, şonuň üçinem kiçiräk keşplerde çykyş ederdim. Çagama seretmek boýunça rugsatdan gaýdyp gelenimde men syrkawlan aktrisa derek «Suwulgan» spektaklynad çykyş etmeli boldum. Taýýarlanmmaga bary-ýogy iki gün bardy, ýöne men wezipäme hötde geldim. «Däli Domrul» spektaklynyň täze görnüşi sahnalaşdyrlanda Kakajan Aşyrow meni baş gahrymanyň – Näzliçeçegiň keşbini döretmäge çagyrdy. Iş kynlyk bilen ýöreýärdi, spektaklyň esasy gahrymanynyň keşbini döretmek, öz gahrymanymyň şahsyýetiniň ähmiýetine ynandyrmak başartmaýardy. Onsoň Kakajan Aşyrowiç maňa Näzliçeçegiň keşbini ussatlyk derejesinde döreden Türkmenistanyň halk artisti Gülnabat Aşyrowanyň oýnan spektaklynyň birinji görnüşiniň wideoýazgysyny görmäge berdi. Ol maňa režisýoryň pkirine düşünmäge ýardam etdi, ýöne indi öňki keşbi gaýtalamajak bolmalydy. Wagty bilen men çekinjeňligi we gorkyny ýeňip geçdim, öňümde juda uly maksat goýmadym-da, epiki ýordumyň ýol-ýörelgesine düşmäge, gahrymanymyň hereketleriniň sebäbine düşünmäge çalyşdym, şeýdibem kem-kemden Näzliçeçegiň sahna keşbini kemala getirdim. Men Gülnanabat Aşyryowanyň hut özüniň gatnaşmagynda spektakl tabşyrylanda baş synaga döz gelmeli boljakdygymy bilýärdim. Sahna çykanymda gaty tolgundym, ýöne oýnuň ahyrynda özüm üçin bahasyna ýetip bolmajak iki söz: «Maňa ýarady!» diýlenini eşidenimde depäm gök diredi. Soňra komediýa spektaklynda çykyş etmeli boldum. Dramatik häsiýetli atrisa – maňa --gülegen Bibijanyň keşbini döretmek kyn düşdi, galyberse-de gülmek maňa gaty kyn düşýär. Sahnada aglamak - aňsat, ýöne jakgyldap gülmek welin – öte kyn zat-da. Onsoň men bilgeşleýin «gülüp» başladym. Ir ertirden giç agşama çenli gülüp, öýdäkileriň ýüregine düşsemem, maksadym-a ýetdim. Baş drama teatrynda işlän döwrüm 23 rolda çykyş etmek miýesser etdi, şolaryň 15-si esasy keşpler. Şonda-da özümi esasy aktrisa saýmaýaryn, sebäbi meniň hünär taýdan kemala gelmegim heniz dowam edýär. Men sahnada dürli zenan ykballaryny döretdim. Olar dürli taryhy döwürlerde ýaşaýarlar, pikirleridir hereketleri saýry, dürli zatlary arzuwlaýarlar, emma olaryň baryny birleşdiýän söýgidir ýagşylygy öz oýnum bilen tomaşaçylaryň ýüregine ýetirjek bolýaryn. Ussat halypa Kakajan Aşyrow bize oýnamaly däl-de, gahrymanyň ykbaly bilen ýaşamagy we onuň gözi bilen dünýä bakmagy, ýürekden gülüp-aglamagy, tomaşaçyny sahna hekaýatyna ynandyrmagy öwredýär, men ony ömrümiň baş halypasy hasaplaýaryn. Şadessany döwrebaplaşdyrmak, metafora bilen hakykaty sazlaşykly birleşdirmek zehini berlen bu üýtgeşik şahsyýet bilen söhbet we onuň elinde işlemek – meniň üçin hem tükenmeýän repetisiýa, hemem kämilleşmegiň bir ýoly. * * * Şu günler Baş drama teatrynyň sahnasynda «Gorkut ata» şadessanynyň rowaýatlarynyň biri esasynda «Oguz söýgüsi» atly täze spektakl taýýarlanylýar. Ondaky baş zenan keşbini – Gülaýymyň keşbini Dilşat Meläýewa döredýär. Gülaýym – aktrisa Dilşat Meläýewanyň üýtgeşik sahna keşpleriniň biri, teatr işgärleriniň täze nesliniň wekiliniň döredijilik terjimehalynda ýene bir şanly sahypa. Onuň bilen söhbetdeş bolanymda mende ol pikirini doly beýan etmeýän ýaly duýgy döredi. Ol, belki, Dilşadyň oý-pikirleriniň teatrdadygy, sungata berlenligi sebäpli bolsa gerek. «Durmuşy misli döredijiligi kimin» diýilýän söz Dilşat ýaly kreatiw pikirlenýän, teatra aşyk we sahna däpleriniň dowamatlylygyny dowam edýänler barada ahyry...
Bagty gelen Şemşat Kasymowa
Belli dramaturg Bazar Amanowyň çowlugy Şemşat Kasymowa A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatrynyň çagalara niýetlenip goýlan spektakllarynyň birinem sypdyrmazdy. Ol aýratynam gahrymanlary owadan we mähirli gyzlar bolan ertekileri gowy görerdi. Şemşat spektakllardan soň keşbi özüçe oýnap görerdi. Ýöne ol bu syryny hiç kime aýtmazdy. Şonuň üçinem Şemşat mekdebi tamamlandan soň Medeniýet institutynyň aktýorlyk fakultetine girmekçidigini aýdanda ata-enesi haýran galypdy. Agtygyny enesi – Bazar Amanowyň gyzy, professor Maral Amanowa goldap: «Bolubilýä! Kakamyň-a göwnünden turardy...Onuň neberelerinden sahna çykany bolmady, indi Şemşat bir bu ýoly dowam etsin» - diýdi. Bazar Amanowyň adynyň agzalmagy Şemşadyň ata-enesine güýçli täsir etdi, onsoň ata-enesinden ak pata alan Şemşadyň garry atasynyň hatyrasyna hem erbet aktrisa däl, hatda ortatap aktirisa bolmaga-da haky ýokdy, ol diňe iň gowylaryň biri bolmaly diýen niýet bilenem resminamalaryny tabşyrmaga gitdi. -Okuwa girmäge dalaşgärleriň arasynda Dilşat Meläýewa-da bardy – diýip Şemşat gürrüň berýär,-- onuň bilen derrew jora bolduk. Dilşadyň artykmaçlygy – Ol A.S.Puşkin adyndaky teatryň ýanyndaky mekdep-studiýany tamamlapdy, menem beýleki dalaşgärleriň köpüsi ýaly gowy aýdym aýdyp, tans edýärdim. Biziňki şowlap, ikimizem synaglardan geçdik. Ýene bir şowlan ýagdaý – aktýorlyk ussatlygyndan belli sahna ussady, Türkmenistanyň halk artisti Ata Alowow sapak berýärdi. Okuwçylary hem çagalaryň ata-enesine meňzeýşi ýaly halypasyna meňzeýärler, şonuň üçinem döredijilik ýoluna gadam basanyňdan gowy ussadyň eline düşmegiň özem şowlulyk. -- Aktýor, ozaly bilen, özüne gyzykly bolmaly, şonda ol tomaşaçynam özüne çekip biler -- diýip halypamyz bize nesihat bererdi – munuň üçin köp okamaly, seljermeli, pikirlenmeli... Aktýor hökman okumyş, päkýürek, hoşamaý bolmaly... Insituty tamamlanymyuzdan soňam biziňki ýene şowlap, iş tejribämizi Baş drama teatrynda geçmeli bolduk. Düýnki talyplara Türkmenistanyň halk artisti Kakajan Aşyrowyň goýýan spektakllarynyň ussat režisýorlyk tapbilerligi, milli äheňi we ruhlandyryjy sazy bilen saýry gelýändigi mese-mälim göze ilip durdy. Bu halypa üçin sahnada ownuk zat ýok: eger-de kiçijik detal spektaklyň umumy ýörelgesine utgaşýan bolsa, onuň derejesini göterýär, tersine bolsa -- pese düşürýär. Şonuň üçinem Kakajan Aşyrowiç spektakl degişli ähli zada juda talapkär. Teatra gulluk edýän 7 ýylymyň dowamynda maňa keşpleriň 12-sini döretmek miýesser etdi. Meniň ilkinji baş rolum -- «Giýewleriň bäsleşigi» komediýa spektaklynda Diloranyň keşbidi. Ol meniň üçin häsiýetime gabat gelmeýän gahrymanyň keşbini janlandyrmakda gowy mekdep bolupdy. Iň halaýan keşbim «Şükür bagşy» spektaklyndaky Aýperiniň keşbi. Ol diňe bir halaýan keşbim bolman, iň kyn düşen keşbem boldy. Garakçylar ýaş gyz Aýperini ýesir alyp gidýärler. Ýat ilde ol durmuşa çykypdyr, ogly bolupdyr, ýöne garry käbesi galan Watan küýsegi ony öz gününe goýmaýar. Hanyň guran Şükür bagşy bilen köşk bagşysynyň bäsleşi gidip durka, Aýperi onuň aýagyna ýykylyp, ejesi gyzyny zarynlap gara geýip ýöremsin diýip, Şükür bagşydan özüniň diridiginden alamat hökmünde ak ýaglyk hemem agtygynyň köwşüni ibermegi haýyş edýär. Olar iline düşse, ol hökmany dogduk öýüne bararmyş diýen yrym bar eken. Ýönekeý zenan maşgala köpüň içinde hana ýüz tutup, onuň gazabyna duçar bolmakdanam çekinmeýär. Ýöne Aýperi atasy öýüne habar ýetirmek üçin üstüne abanýan howpa parh etmeýär. Spektakldaky Aýperiniň uzyn monologynyň tomaşaçylary ýadatmagy mümkindi. Onuň sözleriniň tomaşaçylara täsirini saklap, ahyryna çenli olary dartgynly saklamak üçin näme etmeli? Kakajan Aşyrowiç maňa ilki ýuwaşjadan başlap, kem-kemden sesi güýçlendirip, ahyrsoňunda aglamagy maslahat berdi. Teatrdaky oýunlarymdam başga-da maňa telefilmere surata düşmek hem miýesser etdi. 2016-njy ýylda Halkara zenanlar gününe gabatlap «Türkmen owazy» telekanaly režisýor Gülälek Hezretgulyýewanyň « Bagt ekeni -bagtyňa garaşmaklygam» filmini zenanlarymyza sowgat etdi. Filmiň näme hakdadygy eýýäm adyndanam bellidir. Režisýor Sapardurdy Annaýewiň «Aşgabat» telekanalynda goýan «Gudrat» filminde surata düşdüm, onda men baş roly ýerine ýetirdim -- Gülälägiň keşbini döretdim, film Bitaraplyk baýramyna görekziler. *** Şemşadyň maşgala durmuşy hem şowuna boldy. Ol birek-birege gowy düşünilýän we goldanylýan döredijilik maşglasyna düşdi. Onuň ýanýoldaşy Söhbet Kasymow hem özünden bir ýyl öň aktýorlyk fakultetini tamamlapdy. Onuň owadan sesi bar, şonuň üçinem Söbet teatr sahnasyndan estradany ileri tutdy. Söhbediň ata-enesi –Muhammetguly we Ejebaý Kasymowlar ozal medeniýeti institutynda bile okapdyrlar. Köp wagtlap Mollanepes adyndaky Akademiki drama teatrda, soňam Baş drama teatrynda işlediler. Häzirki wagtda Muhammetguly Kasymowiç mugallymçylyk edýär, Ejebaý Süleýmanowna höwes bilen iki agtygyny teribeläp, Şemşady öý aladalaryndan boşadýar. Başgaça aýdanyňda, durmuşda bagtyňa duşmagam bagt ekeni diýilýäni –Baş drama teatrynyň ýaş aktrisasy Şemşat Kasymowa hakda aýdylan ýaly.
Foto gallereýa